SunFlare Co., Ltd.

Global Interface & Solutions

«SunFlare» kompaniýasy özüniň terjime ulgamyndaky birnäçe ýyllyk terjibesi bilen öz müşderileriniň intellektual hyzmatlary boýunça iň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.
Biz ähli pudaklarda işleýän kompaniýalaryň resminamalaýyn talaplaryny ödemek üçin köp ugurly ýöriteleşdirilen hyzmatlary ýerine ýetirýäris.
Biz müşderilerimiziň resminamalar bilen bagly çekýän kynçylyklaryny çalt we takyk anyklap, olara iň netijeli çözgütleri hödürleýäris.

ISO 27001 we ISO 9001 şahadatnamalary

Müşderilerimiz dürli görnüşli resminamalar üçin bize ýüz tutýarlar. Müşderileriň gizlin maglumatlarynyň ygtybarly alynmagy we ugradylmagy üçin kuwwatly howpsuzlyk binýadyny üpjün etmek üçin birnäçe halkara maglumat dolandyryş ulgamlaryndan peýdalanýarys.

Ykdysadyýetiň köp pudaklarynda iş tejribesi

Kompaniýamyzyň dürli pudaklarda zähmet çeken hünärmenleri we bilermenleri müşderileriň duş gelen meseleleri üçin iň önjeýli netijeleri bermek arkaly biziň ygtybarly hyzmatdaş bolmagymyzy üpjün edýär.

90-den gowrak dilde işleýäris

Işini bütindünýä möçberde ösdürmek isleýän kompaniýanyň ähli göz öňünde tutýan döwletleriniň dilini we medeniýetini bilmegi zerur, bu işi özbaşdak amala aşyrmak bolsa kärhana üçin oňyn çemeleşme däldir. Muňa garamazdan, «SunFlare» kompaniýasy düzüminde 90-den gowrak dilde işläp, şol dilleriň geplenýän ýurtlarynyň medeniýetine belet bolan bilermenleri saklaýar. Olar müşderilerimiziň dünýä boýunça hereket edýän kompaniýa hökmünde ösmegi üçin maksadalaýyk we wagtly-wagtynda goldaw berýärler. Bilermenlerimiziň birkemsiz dil başarnyklary bilen bir hatarda käbir ugurlarda ýöriteleşmegi bolsa hukuk namalary, makalalar we lukmançylyk ulgamynyň kadalaşdyryş işleri boýunça ýokary derejede bilermenligi talap edýän resminamalar üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýa barada maglumat

Kompaniýanyň ady

SunFlare Co., Ltd.

Esaslandyrylan senesi

1-nji awgust, 1971 ý.

Salgysy

Tokio şäherindäki dolandyryş edarasy:
Sindzýuku Hirose binasy, 4-7 Ýotsuýa etrapçasy, Sindzýuku etraby,
Tokio ş.160-0004, Ýaponiýa

Wekilçilik edýän direktory

Hiroýuki Sasaýi

Alyp barýan işleri

Resminamalar boýunça işler

  • Terjime hyzmatlary
  • Ýerlileşdirme hyzmatlary (lokalizasiýa)
  • Ýazgylary işläp taýýarlama (tehniki we lukmançylyk resminamalary)
  • Çeper döredijilik hyzmatlary (dizaýn, sahypalama, web dizaýn we wideomontaž)

Konsultasiýa hyzmatlary

  • Resminamalar boýunça maslahatlary bermek
  • Ylmy işleri geçirmek (kanunçylyk, kadalaşdyryjy namalar, döwlet standartlary we patent işi)
  • Hasaba almak boýunça goldaw bermek we ýerine ýetirmek (patentler, lukmançylyk enjamlary we serişdeleri üçin ygtyýarnamalar)

Bilim we hünär taýdan kämilleşdiriş ulgamy

  • «SunFlare» Akademiýasynda bilim bermek
  • Terjimeçilik hünärini bermek üçin synaglary geçirmek we şahadatnama bermek (TQE)
  • Kompaniýalar üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçirmek
  • Seminarlary geçirmek (patentleri we lukmançylyk önümlerini bellige alyş)

Alan şahadatnamalary

ISO 27001, ISO 9001, ISO 17100 hem-de «Privacy Mark» kompaniýasynyň işgärleriniň şahsy maglumatlarynyň gorag derejesiniň laýyklyk şahadatnamasy (JIPDEC - Ýaponiýanyň )
Lukmançylyk enjamlaryny ýerlemekwe paýlamak boýunça II derejeli ygtyýarnamanyň eýesi

Back to Top